7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar UNODC-nyň Merkezi Aziýa döwletleri üçin 2022-2027 ýyllar üçin Maksatnamasyny hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNODC-niň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmek bilen bagly bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berdiler. Mundan başga-da, täze ýol kartasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri serhetara howplara garşy milli derejede mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen Bilelikdäki maksatnamalary maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň ilerledilmegi boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir