8-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk iki ýurduň daşary syaýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň dowamy boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir