Vibe coding (“waýb-koding”) adalgasy iňlis diliniň sözlügi Collins tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi diýlip saýlandy. Sözlükde bu sözüň emeli aňyň gündelik durmuşa we hünär işine artýan täsirini görkezýändigi bellenilýär. “Waýb-koding” adalgasy Tesla-da EA boýunça öňki direktor we OpenAI-iň esaslandyryjylarynyň biri bolan Andreý Karpati tarapyndan oýlanyp tapyldy. Ol işläp düzüjiniň ýumuşlaryň tekst beýanyny ýazýan, EA-nyň bolsa taýýar kody döredýän programmirleme çemeleşmesini aňladýar. Şeýle usul “koduň özi barada pikir etmezden” diýen ýaly programma döretmäge mümkinçilik berýär. 2025-nji ýylyň fewralynda adalga ilkinji gezek peýda bolany bäri Collins-iň leksikograflary onuň has köp ulanylyp başlanandygyny hasaba aldy. Şeýle-de, meşhur sözleriň arasynda şu aşakdakylar bar: Biohaking (biohacking) – saglygy gowulandyrmak üçin organizmiň tebigy proseslerini üýtgetmäge gönükdirilen hereket; Klanker (clanker) – “Ýyldyz söweşleri” bilen meşhur bolan, kompýuterler, robotlar ýa-da EA çeşmeleri üçin kemsidiji söz; Glazirlemek (glaze) – aşa we ýasama götergilemek; Aura-farming (aura farming) – harizmatik obrazy emeli döretmek; Genri (High Earner, Not Rich Yet, gysgaça – Henry) – “ýokary girdeji alýan, ýöne entek baý däl” adamlar üçin akronim; Kulkeýşen (coolcation) – salkyn howaly ýurtda dynç alyş; Task-masking (task-masking) – öndürijilikli işlän bolmak; Mikropensiýa (micro-retirement) – şahsy gyzyklanmalary durmuşa geçirmek üçin karýerada gysga arakesme.