Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlaryny we ähli halkyny Hasyl toýy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany Hasyl toýuny daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýram, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşany diýip atlandyrdy. Bellenilişi ýaly, şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmagy başardylar. "Guşgursak bugdaý hasyly mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde öz tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan kärendeçileriň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň, bakjaçylaryň, bagbanlaryň we beýleki hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin mundan beýläk hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. "Döwrebap oba hojalyk tehnikalary, enjamlardyr gurallar yzygiderli satyn alnar. Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik üpjün ediler. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçiriler. Döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerini, goldaw-kömeklerini, ýeňilliklerini ýakyndan duýup, halal zähmet çekmek üçin ähli tagallalar ediler. Türkmen daýhanynyň zähmetine mynasyp baha berilmegine aýratyn üns berler. Toprakdan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli şertler dörediler" diýlip, gutlagda bellenilýär.