Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutany A.Ataýewa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gül dessesini gowşuryp, Milli Liderimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa gutlaglar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi. Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.