Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Prezident Donald Tramp sammite gatnaşyjylary mübärekläp, çakylygy kabul edip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutany agzalan formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Prezident Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we ABŞ-nyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we ABŞ-nyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.