Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylyň jemi boýunça The Best baýraklaryna dalaşgärleirň sanawyny hödürledi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin dalaş edýär: ·Usman Dembele (“Pari Sen-Žermen” we Fransiýanyň milli ýygyndysy) ·Aşraf Hakimi (“Pari Sen-Žermen” we Marokko) ·Nunu Mendeş (“Pari Sen-Žermen” we Portugaliýa) ·Witinýa (“Pari Sen-Žermen” we Portugaliýa) ·Garri Keýn (“Bawariýa” we Angliýa) ·Kilian Mbappe (“Real” we “Fransiýa”) ·Koul Palmer (“Çelsi” we Angliýa) ·Pedri (“Barselona” we Ispaniýa) ·Rafinýa (“Barselona” we Braziliýa) ·Lamin Ýamal (“Barselona” we Ispaniýa) ·Mohammed Salah (“Liwerpul” we Müsür) Geçen ýyl baýragyň eýesi “Realyň” braziliýaly hüjümçisi Winisius boldy. Ýylyň iň gowy derwezebany baýragy üçin dalaşgärler: ·Alison Beker (“Liwerpul” we Braziliýanyň milli ýygyndysy) ·Tibo Kurtua (“Real” we Belgiýa) ·Janluiji Donnarumma (“Mançester Siti” (öň – “PSŽ”) we Italiýa) ·Emiliano Martines (“Aston Willa” we Argentina) ·Manuel Noýer (“Bawariýa” we Germaniýa) ·Dawid Raýýa (“Arsenal” we Ispaniýa) ·Ýan Zommer (“Inter” we Şweýsariýa) ·Woýseh Şensny (“Barselona” we Polşa) Geçen ýyl bu baýragyň eýesi argentinaly Emiliano Martines bolupdy. Ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärler: ·Hans-Diter Flik (“Barselona”) ·Arne Slot (“Liwerpul”) ·Luis Enrike (“Pari Sen-Žermen”) ·Mikel Arteta (“Arsenal”) ·Enso Mareska (“Çelsi”) ·Roberto Martines (Portugaliýanyň milli ýygyndysy) ·Hawýer Agirre (Meksikanyň milli ýygyndysy) 2024-nji ýylda FIFA tarapyndan iň gowy halypa hökmünde şol wagt Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk edýän Karlo Ançelotti saýlandy. Häzir italiýaly hünärmen Braziliýanyň milli toparyna tälimçilik edýär. FIFA-nyň saýtynda janköýerleriň ses berişligi 28-nji noýabra çenli dowam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir