“Ýylyň makro suratçysy 2025” baýragynyň finalçylarynyň gysga sanawy yglan edildi. Bäsleşik ýabany tebigatyň mikro dünýäsine — mör-möjekleriň, haýwanlaryň we ösümlikleriň ýakyndan şekillendirilişine bagyşlanýar. Bu ýyl eminler 11 ugur boýunça hödürlenen 12 557 suraty synlady we olaryň arasynda iň güýçli işleriň awtorlaryny saýlady. Ýeňijiler 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda belli bolar. Şeýle hem ilkinji 100 iň gowy surat köpçülige görkeziler.