Formula 1-iň Williams topary 2026-njy ýyldan başlap täze at bilen çykyş etjekdigini yglan etdi. Häzirki Atlassian Williams Racing adynyň ýerine topar Atlassian Williams F1 Team ady bilen tanalar. Şeýle hem, Williams taryhy ýeňişleriniň döwri bilen baglanyşykly nusgawy nyşanyna dolanýar. Häzirki “W” logotipi, Frenk Williams tarapyndan 1977-nji ýylda ilkinji gezek ulanylan we häzirki zaman görnüşinde täzeden işlenilen “Forward W” nyşany bilen çalşyrylýar. Bu möwsümde toparyň düzüminde Karlos Saýns we Aleksandr Albon çykyş edýärler. Olar sürüjileriň şahsy sanawynda degişlilikde 11-nji we 8-nji orunlarda barýarlar. Williams Konstruktorlar Kubogynda ilkinji bäşlikde ýerleşýär, MakLaren bolsa eýýäm çempionlygy gazanypdy. Williams soňky gezek dünýä çempionlygyny 1997-nji ýylda eýeläpdi.