ChatGPT hyzmatyny döreden OpenAI kompaniýasy wideo döredýän Sora hyzmatynyň Android ulgamlary üçin wersiýasyny çykardy. Programma eýýäm Google Play-de peýda boldy, emma häzirki wagtda ähli ýurtlarda elýeterli däl. Mysal üçin, ony häzirlikçe diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylary resmi taýdan ulanyp bilýärler. Şonuň bilen birlikde, käbir ulanyjylar Sora-ny brauzer arkaly hem işledip bilýär. Sora häzirki wagtda Google Veo 3 bilen deň derejede dünýäniň iň realistik wideo generatorlaryndan biri hasaplanýar. Ulanyjylar onda diňe ýazylan tekstden wideo döretmek bilen çäklenmän, suratlary hem “janlandyryp” bilerler. Emeli aň diňe şekili däl, eýsem sesi hem döredip berýär — gepleşikler, fon sazlary we dürli effektler bilen bilelikde. Sora fotorеalistik görnüşlerden başlap anime stiline çenli dürli gurluşlary goldaýar. 2025-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrynda OpenAI Soranyň täze neslini — Sora 2-ni çykardy. Täzelenen wersiýa “Cameo” diýen aýratynlykda üpjün edildi. Onuň kömegi bilen ulanyjy öz suratyny ýa-da meşhur adamlaryň keşbini wideo içine goşup biler. Ilkibaşda Sora 2 ulanyjylary diňe çakylyk arkaly hasaba goýýardy, ýöne soňra käbir ýurtlarda bu çäklendirme aýryldy. Şeýle hem iOS üçin çykarylan wersiýa rekord wagtda meşhur boldy — programmany bäş günüň içinde bir milliondan gowrak adam göçürip aldy.