2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Maldiwlerde 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlaryň ählisi üçin temmäki önümlerini satyn almagy we ulanmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Bu düzgün hatda ada gelýän syýahatçylara-da täsir edýär diýip, The Guardian habar berýär. Ýurduň Prezidenti Mohamed Muizza şeýle çäräniň “ilatyň saglygyny goramaga we temmäkiden azat nesli kemala getirmäge” gönükdirilendigini aýtdy. Düzgüni bozanlara, şol sanda 18 ýaşdan kiçi ýetginjeklere temmäki önümlerini satmakçy bolýan söwdagärlere 50 müň rufiýa (takmynan, 3270 dollar) möçberde jerime salynýar. Mundan başga-da, Maldiwlerde elektron çilimlere we weýplere berk gadaganlyk hereket etmegini dowam edýär, ol ýaşyna garamazdan ýurduň ähli raýatlaryna degişlidir. Maldiw adalary şeýle berk kanuny kabul eden ilkinji ýurt däl. 2022-nji ýylda Täze Zelandiýa temmäki önümlerini 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlar üçin satmagy gadagan edýän kanuny girizdi. Ýöne 2023-nji ýylda täze hökümet bu gadaganlygy güýje girmezinden ozal ýatyrdy. Maliýe ministri Nikola Uillis kanunyň ýatyrylmagyny çilim satuwyndan alynýan salgyt girdejileriniň salgytlary azaltmaga gönükdiriljekdigi bilen esaslandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir