Toyota kompaniýasy Ýaponiýada we ABŞ-da satuwa çykýan doly täzelenen RAV4 krossowerini hödürledi. Model brendiň geljegiň mümkin boldugyndan iň ygtybarly awtomobillerini döretmäge gönükdirilen “Nol pida, nol heläkçilik” atly täze konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädim boldy. Täzelenen RAV4-de markanyň esasy tehnologiýa täzelikleri peýda boldy: 5G goldawy, kämilleşdirilen ses dolandyryş ulgamy, “howa arkaly” programma üpjünçiligini täzelemek mümkinçiligi, şeýle-de Toyota Safety Sense (TSS) howpsuzlyk ulgamlary toplumynyň soňky wersiýasy. Modeliň esasy inženeri Ýosinori Futonogane kompaniýanyň heläkçiligiň öňüni doly alyp biljek awtomobilleri döretmegi maksat edinýändigini aýtdy. Ol RAV4-üň bu ýolda başlangyç ädimdigini belledi. “Biz has takyk kabul edişi we has netijeli reaksiýany üpjün eder ýaly bar bolan Toyota Safety Sense ulgamy bilen öňki wersiýalardaky ähli maglumatlary birleşdireris” – diýip, ol aýtdy. Şeýle-de, Toyota sürüjileriň ýoldan ünsüni sowmazdan köp hereket edip bilmegi üçin ses arkaly dolandyryşy ösdürmek isleýär. Täzelenen RAV4 diňe bir meşhur krossoweriň restaýlingi hökmünde däl-de, sürüjä kömek ulgamlary bilen sensorlardan we kameralardan alynýan maglumatlaryň intellektual işlenilmegini birleşdirýän täze nesil awtoulaglary üçin esas hökmünde göz öňünde tutuldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir