Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Oýun çarşenbe güni Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi. Myhmanlar 23-nji minutda hüjümçi Mişel Wlapyň goly bilen hasapda öňe çykdy. Şeýle-de bolsa, üç minutdan soň ýer eýeleri hasaby deňleşdirdiler — burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň «Al-Ahli» toparynyň goragçysy Mateý Mitrowiç topy kellesi bilen öz derwezesine geçirdi. Duşuşygyň 54-nji minudynda hem «Arkadagyň» peýdasyna howply pursat döredi, ýöne katarly klubuň derwezebany toparyny halas etdi. Dört tapgyrdan soň «Arkadagyň» hasabynda üç utuk bar we topar häzirki wagtda «B» toparçasynda iň soňky orunda durýar. Bäş oýundan soň ýedi utuk toplan «Al-Ahli» toparçada öňde barýar. Şeýle hem pleý-off üçin Özbegistanyň «Andijan» (3 oýunda 3 utuk) we Bahreýniň «Al-Haldiýa» (4 oýunda 5 utuk) toparlary göreşi dowam etdirýärler. Indiki oýunda «Arkadag» 26-njy noýabrda myhmançylykda «Andijan» bilen duşuşar. Toparlaýyn tapgyryň soňky duşuşygyny bolsa 24-nji dekabrda Arkadagda «Al-Haldiýa» bilen geçirer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir