5-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär. Mejlisiň barşynda gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarow türkmen halkynyň Milli Lideriniň maslahatlaryndan ugur alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Hususan-da, Tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek meselesi hem-de Esaslandyryjynyň ygtyýarlyklary beýan edildi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa gazna tarapyndan amala aşyrylan köp sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe operasiýalaryň, çagalara bejeriş-dikeldiş, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini we bu ugurdaky çäreleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Mejlisiň dowamynda gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa gaznanyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda hem-de gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalaryny Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň — wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp, gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi. “Ýokarda beýan edilenler gaznanyň Esaslandyryjysynyň Karary bilen resmileşdirilýär” diýlip taslamada nygtalýar. Tertipnamanyň taslamasynda gaznany esaslandyran Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz öňünde tutup, onuň gaznanyň Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň mejlislerine gatnaşmaga, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hukugy saklanýar diýlip bellenilendigini hem aýtmak gerek. Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi. Mejlisiň barşynda gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy baradaky anyk maglumatlaryň bolmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.