Penşenbe gününe geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Oýunlar birnäçe garaşylmadyk netijeleri getirdi. «Karabah» Bakuwda «Çelsi» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, öz utuklaryny 7-ä ýetirdi we pleý-off üçin hakyky dalaşgäriň birine öwrüldi. «Barselona» Brýuggede ýeňlişden kynlyk bilen gaçdy, «Inter» bolsa Milanda «Kaýraty» kynlyk bilen ýeňdi. «Brýugge» — «Barselona» 3:3 Katalon topary duşuşykda üç gezek hasapda yzda galdy we netije-de diňe deňme-deňlik bilen kanagat etmeli boldy. Belgiýaly klub 6-njy minutda Nikolo Trezoldiniň goly bilen hasaby açdy (oňa Karloş Forbeş kömek etdi). Emma iki minut geçmänkä Ferran Torres jogap goluny geçirdi. Az wagtdan soň ýer eýeleri Karloş Forbeşiň goly bilen hasapda ýene öňe çykdylar. Ikinji ýarymda Lamin Ýamal Messiniň stilinde geçip Fermin Lopes bilen “diwar” oýnap hasaby deňledi. Şondan soň Forbeş «Brýuggä» ýene-de öňdelik gazandyrdy. «Barselonany» ýeňlişden halas eden bolsa awto-gol boldy — Ýamalyň urgusyndan soň garşydaş toparyň oýunçysy Hristos Dzolis topy öz derwezesine ýollady. Şeýle-de Fermin Lopes, Žýul Kunde we Erik Garsiýanyň urgularynyň derwezäniň diregine degip gaýdandygyny belläp geçmeli. «Mançester Siti» — «Borussiýa» Dortmund 4:1 Fil Foden dubl edip, bu möwsümde Dortmund klubuna ilkinji ýeňlişi getirmäge kömek etdi. Şeýle-de Erling Holand bir gol geçirdi. «Borussiýanyň» goluny Waldemar Anton geçirdi. Oýnuň ahyrynda Raýan Şerki artykmaçlygy berkitdi. «Karabah» — «Çelsi» 2:2 Azerbaýjan kluby güýjüni görkezdi. Estewaonyň golundan soň «Karabah» hüjüme geçip, eýýäm birinji ýarymda garşydaşyndan öňe geçdi. Ilki Leandru Andrade gol geçirdi, soň bolsa Marko Ýankowiç 11 metrlik urgudan toparyny öňe saýlady. «Çelsini» ýeňlişden ikinji ýarymda oýna giren Alehandro Garnaço halas etdi. «Inter» — «Kaýrat» 2:1 Gazagystanyň kluby geçen möwsümiň finalçysyna garşy göreşde çynlakaý garşylyk görkezdi. Lautaro Martines baryp birinji ýarymyň ahyrlarynda Temirlan Anarbekowyň derwezesinden top geçirip bildi. Emma arakesmeden soň «Kaýrat» burçdan urgusdan soň Ofri Aradyň tagallalary bilen hasaby deňledi. Şeýle-de bolsa, «Inter» ýeňşi elden gidirmedi we Karloş Augustonyň uzak aralykdaky urgusy bilen üç utuk gazandy. «Aýaks» — «Galatasaraý» 0:3 Wiktor Osimhen het-trik etdi (şolardan ikisi — penalti). Nigeriýaly oýunçy «Galatasaraý» klubunyň taryhynda Çempionlar ligasynda het-trik eden ikinji futbolçydyr (ondan öň Burak Ýylmaz). Beýleki netijeler: «Pafos» — «Willa­re­al» 1:0 «Benfika» — «Baýer» 0:1 «Marsel» — «Atalanta» 0:1 «Nýukasl» — «Atletik» Bilbao 2:0 Dört tapgyrdan soň Çempionlar ligasynyň ýaryş jedwelinde öňdäki toparlar — 12 utukly «Bawariýa», «Arsenal» we «Inter».

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir