Hytaýda alymlar iýmitleriň ajylygyny çalt we takyk ölçemäge ukyply emeli diliň prototipini taýýarladylar. Bu barada Phys.org habar berýär. Enjam kapsaisini — ajy burçuň, sarymsagyň, zenjebiliň we beýleki ajyly maddalaryň ýakýan tagamyny döredýän birleşmäni — hem-de şol topardaky beýleki maddalary anyklamaga mümkinçilik berýär. Alymlar bu pikirde süýdüň düzümindäki ajylygy peseldiji kazein atly belogyň täsirinden ylham aldylar. Şonuň üçin olar ýagdan arassalanan süýdi elektrohimiki gele goşup, ondan çeýe geçiriji plýonka taýýarladylar. Emeli dil ajy maddalar bilen aragatnaşyk edeninde plýonkanyň elektrik geçirijiligi üýtgeýär. Hut şu üýtgeşme hem ajylygyň derejesini ölçeýär. Deslapky synaglaryň netijeleri emeli diliň adamyň tagam reseptorlarynyň duýup bilmeýän derejede gowşak kapsaisin mukdaryndan başlap, güýçli ýakýan derejesine çenli reaksiýa edýärligini görkezdi. Barlagda burçuň sekiz görnüşi we sekiz sany dürli ajy iýmit synagdan geçirildi. Alnan elektrik ölçegleri barlagçylaryň tagam baha beriş derejelerine laýyk geldi. Barlagyň ýolbaşçysy Weýszýun Deniň sözlerine görä, täze tehnologiýa ajy iýmitleriň tagamyny adam üçin töwekgelçilik döretmezden çalt anyklamakda ulanylyp bilner. “Bu çeýe emeli dil tagamy bahalandyrmak üçin giň mümkinçilik açýar — ony göçme tagam analizatorlarynda, gumanoid robotlarynda ýa-da tagam duýujy reseptorlary zeperlenen, meselem agewziýa bilen ýüzbe-ýüz bolan hassalarda hem ulanmak mümkin” diýip Den belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir