UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda dördünji tapgyryň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Gije futbol janköýerlerini iki uly duele tomaşa edip bildiler. «Liwеrрul» – «Real» 1:0 «Enfild» stadionynda geçirilen duşuşykda «Liwеrpul» ýeňiş gazandy. Gol: Aleksis Makallister (kelle urguda), pas – Dominik Soboslaý. Madrid klubuny has uly hasap bilen utulmakdan Tibo Kurtua halas etdi – ol Soboslaýyň dört urgusyny, şeýle hem Wan Deýkiň we Ekitikeniň howply urgularyny gaýtardy. «PSŽ» – «Bawariýa» 1:2 Duşuşygyň birinji ýarymy dartgynly wakalara baý boldy. Luis Dias ýarym sagadyň içinde iki gezek "PSŽ-niň" derwezesine gol geçirdi. Usman Dembele ýene-de şikes aldy. Aşraf Hakimi şikes sebäpli oýundan çykmaly boldy. Bu şikesi ýetiren Dias gyzyl duýduryş aldy. Arakesmeden soň Žoаu Neweş aratapawudy azaltmagy başarsa-da, «Bawariýanyň» ýeňşini saklap bildi. Manuel Noýer toparyny ençeme gezek halas etdi. «Slawiýa» – «Arsenal» 0:3 Londonyň «Arsenaly» «gury» ýeňişler tapgyryny dowam etdirdi. Gollar: Bukaýo Saka – 11 metrlik urgudan, Mikel Merino – 2 gol Duşuşygyň esasy wakasy - meýdança 15 ýaşly Maks Doumen çykdy – ol Çempionlar Ligasynyň iň ýaş oýunçysy boldy (15 ýyl 10 aý 4 gün). Beýleki duşuşyklar "Napoli" - "Aýntraht" 0:0; "Atletiko" - "Ýunion" 3:1; "BudegGlimt" - "Monako" 0:1; "Ýuwentus" - "Sporting" 1:1; "Olimpiakos" - "PSW" 1:1; "Tottenhem" - "Kopengagen" 4:0 6-njy noýabra geçilýän gije galan oýunlar oýnalar: «Pafos» — «Willareal» (22:45) «Karabah» — «Çelsi» (22:45) «Aýaks» — «Galatasaraý» «Brýugge» — «Barselona» «Inter» — «Kaýrat» «Mançester Siti» — «Borussiýa» D. «Nýukasl» — «Atletik» «Olimpik» — «Atalanta» «Benfika» — «Baýer»