Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda internet arkaly II Halkara ykdysadyýet hem-de Halkara filosofiýa olimpiadalary oktýabr aýynyň ahyrynda üstünlikli geçirildi. Olimpiadalar türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde geçirildi. Olaryň birinji tapgyrynda talyplar A we B derejeler boýunça bäsleşdiler. Halkara ykdysadyýet olimpiadasynda A derejä ykdysadyýet we dolandyryş, statistika taýýarlyk ugurlary boýunça okaýan talyplar, B derejä islendik hünär ugurly talyplar gatnaşdylar. Edil şonuň ýaly, Halkara filosofiýa olimpiadasynda hem A derejä filosofiýa, taryh we beýleki jemgyýetçilik taýýarlyk ugurlary boýunça okaýan, B derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar. Halkara ykdysadyýet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden 438 talyp we daşary ýurtlaryň 13-siniň 30 sany ýokary okuw mekdebinden 615, jemi 1 müň 53 talyp gatnaşdy. Olardan 262-si baýrakly orunlara mynasyp bolup, medal we ýörite şahadatnamalar bilen sylaglandy. 262 medalyň 148-sini türkmen talyplary gazandylar. Halkara filosofiýa olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden 480 talyp we daşary ýurtlaryň 13 sany ýokary okuw mekdebinden 119, jemi 599 talyp gatnaşdy. Olardan baýrakly orunlary eýelän 251 talyba medal we ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bäsleşikde türkmen talyplarynyň 208 medala mynasyp bolmagy örän buýsandyryjydyr. Umumylykda 1 müň 652 talyby özünde jemlän ykdysadyýet we filosofiýa olimpiadalaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan talyp ýaşlaryň gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten belent derejesiniň subutnamasydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir