IT Education Academy okuw merkezi ähli okuw maksatnamalary üçin ýazylyşyk başlatdy. IT NOKADY iň zerur IT başarnyklaryny öwrenmäge we arzuwyňdaky işe tarap ädim ätmäge mümkinçilik berýär. IT Nokady (IT Education Academy) — Iş Nokady kompaniýasy tarapyndan döredilen okuw taslamasy bolup, sanly başarnyklary ösdürmek we IT ulgamynda hünär taýýarlygyny bermek maksady bilen işlenip düzüldi. Taslama häzirki zaman okuw usullaryny, iň täze IT ugurlaryny we tejribe başarnyklary ösdürmek usullaryny öz içine alýar. Başlangyç bilimlerden başlap, professional derejä çenli IT Nokady ýokary hilli bilime, her talyba üns aýratyn üns bermeklige we netijelilige esasy üns berýär. Sapaklar kiçi toparlarda geçirilýär, şonuň üçin mugallymlar her bir talyba doly üns berip bilýärler. Okuwy tamamlanlar şu mümkinçilikleri alýar: Hakyky başarnyklary görkezýän taýýar portfoliýa we şahsy taslamalary; Okuwy tamamlansoň, IT ulgamynda amaly iş tejribesi we işe giriş mümkinçilikleri; Hünär derejesini tassyklaýan halkara diplom we halkara mümkinçiliklere gapy açmak. Okuw ugurlary 6 ýaşdan başlap çagalar üçin: IT NOKADY çagalaryň tehnologiýalary oýun we döredijilik arkaly öwrenýän gurşawyny döredýär, logiki pikir, döredijilik we innowasiýa gyzyklanmasyny ösdürýär: Blender — 3D model we animasiýa döretmek; Roblox Studio — öz oýunlaryny we oýun dünýäsini işläp düzmek; Garward okuwlary CS50 Junior — programmirläniň esaslary bilen tanyşmak; Robototehnika — akylly robotlary gurmak we programmirlemek. 14 ýaşdan uly ýaşlylar üçin: Programmalar häzirki zaman IT ulgamynyň iň zerur ugurlaryny öz içine alýar: Programmirleme: Python, C++, C#, JavaScript, Java; Web we grafiki dizaýn: interfeýs döretmek, sanly mazmun bilen işlemek, UX/UI esaslary; Game Development: kompýuter oýunlary we interaktiw programmalary döretmek; Sistema administrasiýasy: kompýuter ulgamlaryny sazlamak we dolandyrmak; Soft Skills hem-de People Management: liderlik, aragatnaşyk we topary netijeli dolandyrmak; Neýro-okuwlar: HR we ýolbaşçylar üçin emosional aňy we kognitiw prosesleri ösdürmek. IT NOKADY-nyň maksady Taslamanyň maksady IT bilimini elýeterli, amal edip bolýar we ylham beriji etmekdir. Ýetginjekler, talyplar we uly ýaşlylar bilimlerini hakyky başarnyklaryna öwrüp, iş we karýera mümkinçiliklerine geçip bilýärler. IT NOKADY — tehnologiýa, döredijilik we innowasiýa bilen gyzyklanýan pikirdeşleriň jemgyýeti. Bu ýerde master-klasslar, dersler we açyk diskussiýalar geçirilýär. Habarlaşmak üçin Telefon: +993 (63) 47 11 92 / +993 (63) 42 67 51 @it_education_academy Instagram sahypasyna täze ýazylanlara noýabr aýynyň ahyrynda ýakymly sowgat garaşýar!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir