Microsoft Azure bulut platformasy uly bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu hem kompaniýanyň Microsoft 365 ofis programmalaryndan başlap, Xbox oýun hyzmatlaryna we Minecraft oýun serwerlerine çenli esasy hyzmatlaryna zyýan ýetirdi. Şeýle-de, näsazlyklar Azure hyzmatlaryndan peýdalanýan beýleki köp kompaniýalara-da täsir etdi. Bökdençlik 29-njy oktýabrda Aşgabat wagty bilen 21:00 töweregi başlady. Maglumatlara görä, meseleleriň sebäbi platformanyň sazlamalaryndaky üýtgeşmeler boldy. 21:20 töweregi Microsoft bu üýtgetmeleri aýrandygyny we soňky durnukly sazlamalary gaýtadan gurnandygyny habar berdi, bu geljek dört sagadyň dowamynda serwisleriň işini dikeltmäge kömek etmelidi. Muňa garamazdan, köp ulanyjylarda Azure portalyna we beýleki hyzmatlara girmekde bökdençlikler hatda 30-njy oktýabrda irden hem hasaba alyndy. Bökdençligiň esasynda Xbox Status Page ýüklenmegini bes etdi, Microsoft 365-de bolsa birikmekde ýalňyşlyklar we gijikdirmeler ýüze çykdy. Microsoft 365-iň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda derňew işleriniň geçirilýändigi we kompaniýanyň trafigi gaýtadan paýlamak arkaly näsazlygy aradan aýyrmaga çalyşýandygy habar berildi. Bökdençlik başga kompaniýalara-da täsirini ýetirdi: Alaska Airlines we Hawaiian Airlines – awiakompaniýalaryň müşderileri hasaba alyşda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy, olara howa menzillerindäki agentler arkaly uçara münmek üçin talon almak maslahat berildi. Community Fibre internet-prowaýderi käbir müşderilerde meseleleriň bardygyny tassyklady; Kroger amerikan supermarket ulgamy saýtda we ykjam goşundyda bökdençligiň bardygyny habar berdi; Ulanyjylar hem Starbucks, Costco we Capital One saýtlarynda näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.