Hytaýly alymlar “emeli Gün” diýip hem atlandyrylýan BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak) atly termoýadro enjamynyň gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýanýan plazmaly tejribe görnüşli aşa geçiriji tokamagynyň gurluşygy planlaşdyrylan tertipde dowam edýär we taslama naýbaşy derejede ähmiýet berilýär. BEST desgasy, dünýäde ilkinji gezek hakyky elektrik öndürmäge ukyply termoýadro gurnamasy bolup biler. Taslama Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde ýerleşýän Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Plazma fizikasy instituty tarapyndan alnyp barylýar. Gurnamanyň esasynda “Dýuar” görnüşli äpet ýokary wakuumly “termos” ýerleşýär: onuň agramy 400 tonnadan geçýär, diametri 18 metr, beýikligi bolsa 5 metr. Desganyň içinde -269 °C temperaturada işleýän super geçiriji magnitler ýerleşýär. Olar durnukly ýanmada deýteriý–tritiýden plazmany saklamaga mümkinçilik berýär. BEST Hytaýyň öňden bäri dowam edýän termoýadro barlaglarynyň dowamydyr. Meselem, ýurtda eýýäm işläp gelýän EAST (Experimental Advanced Superconducting Tokamak) enjamy 2025-nji ýylyň başynda ýokary temperaturaly plazmany 1066 sekunt saklap, dünýä rekordyny goýdy.