Ilon Maska degişli bolan xAI kompaniýasy oktýabrda yglan eden täze sanly ensiklopediýasyny - Grokipedia-ny resmi taýdan işe girizdi. Bu taslama Grok atly çatboty döreden şol bir topar tarapyndan taýýarlanylýar. Häzirki wagtda hyzmat web görnüşinde elýeterli bolup, beta-synag tapgyrynda (0.1 wersiýasy) işleýär. Grokipedia-nyň bazasynda häzirki wagtda takmynan 900 müň makala bar, deňeşdirme hökmünde, Wikipediada bolsa 7 milliondan gowrak makala ýerleşýär. Daşary ýurt metbugatynyň maglumatlaryna görä, Grokipediadaky materyallaryň esasy bölegi “Wikipediadan” alnyp, üýtgedilip işlenilipdir. Şeýle hem makalalaryň köpüsini adamlar däl, eýsem Grok atly emeli aň ulgamy redaktirleýär diýip çak edilýär. The Verge neşiri MacBook we PlayStation baradaky käbir tekstleriň tas dolulygyna Wikipediadaky tekstler bilen gabat gelýändigini ýüze çykardy. “Hatda Grokipedia-nyň özi hem hereket etmek üçin Wikipedia mätäç” diýip, Wikipediany dolandyrýan Wikimedia Foundation guramasynyň wekili belläp geçdi. Grokipedia-daky makalalarda fakt barlagynyň Grok tarapyndan amala aşyrylýandygy görkezilýär. Emma ulanyjylar emeli aňyň kähalatlarda "bulaşmak" ýagdaýlary sebäpli bu funksiýanyň ygtybarlylygyna şübhe bildirýärler. Häzirlikçe ensiklopediýada suratlar hem-de makalalary redaktirlemek mümkinçiligi ýok. “Redaktirlemek” düwmesi diňe üýtgetmeler taryhyny görkezýär, ýöne awtorlaryň kimdigi görkezilmeýär. Şeýle hem ulanyjylar esasy sahypanyň mazmunsyzdygyny we gözleg netijeleriniň köplenç degişli däl maglumatlary berýändigini tankyt edýärler. Grokipedia-da henizem rus dilindäki makalalar ýok, ýöne geljekde ulgam ösdürilip, mazmunyň giňeldilmegine garaşylýar.