Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen kabul edildi. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir