Italiýada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radiotelewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama bar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy. Soňra işewürlik forumy öz işini “Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy”, “Söwda, dokma we hususy pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” hem-de “Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly mowzuklaýyn bölümlerde dowam etdi. Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Pietro Fiorentini S.p.A» italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir