17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri geňeşiň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Mejlisiň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan makullanyldy. 2005-nji ýyldan şu güne çenli ýurdumyzda jemi dört sany Çarçuwaly maksatnama amala aşyryldy. Nobatdaky maksatnama Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we halkara derejede syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa ugurlarynda bilelikdäki hereketleriň esasyny düzýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri we onuň dowamynda kabul edilen resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça meseleleriň giň toplumyna seredildi. Şeýle-de bilelikdäki maksatnamalaryň taslamalary, olaryň çäklerinde ýaşlar syýasaty, metan zyňyndylaryny azaltmak, sanly tehnologiýalar, energetika ulgamlarynda maksatnamalaryň häzirki ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde öňe sürlen teklipler hödürlenildi. Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak teklip edildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp düzmek teklip edilýär. BMG-niň ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak, olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara utgaşdyryjy topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmek teklip edildi.