17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň barşynda syýasy dialogyň işjeň ilerledilýändigi aýdyldy. Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen mundan beýläk-de ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny tassyklady. Myhman Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, halkara ulag geçelgeleri, hususan-da, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sanlylaşdyrmak, infrastruktura we innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Ony ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparyna möhüm orun degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir