Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy. Üçünji orny 1862,71 utuk bilen Fransiýa jemleýär. Reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy dört orun aşak düşüp, 142-nji setirde ýerleşdi. Onuň hasabynda 1078,09 utuk bar. Oktýabrda milli ýygyndy Aziýanyň kubogy-2027 üçin saýlama ýaryşynda Şri-Lankanyň milli topary bilen iki oýun oýnady: 9-njy oktýabrda türkmen futbolçylary myhmançylykda 1:0 hasabynda utuldy, 14-nji oktýabrda bolsa Arkadag şäherindäki stadionda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Reýtingde esasy ösüşi Nigeriýanyň milli ýygyndysy görkezdi, ol dokuz orun ýokary galyp, 108-nji orny eýeledi. Farer adalarynyň topary hemmeden köp utuk gazanyp (+37,95), dokuz orun ýokary galdy we 127-nji setirde ýerleşdi. Kosowonyň milli ýygyndysy hem rekord görkezijä ýetdi. Topar ýedi orun ýokary galyp, 84-nji orna çykdy. Iň uly pese gaçyşy Gresiýa görkezdi. Ol sekiz orun aşak düşdi we indi 48-nji setirde ýerleşýär. Şwesiýa hemmeden has köp – 27,63 utuk ýitirip, sekiz orun aşak düşdi. Ol 40-njy orny eýeleýär.