Google öz EA wideo generatorynyň täzelenen wersiýasyny – Veo 3.1-i çykardy. Täze model şekilleriň has hakykata ýakyn bolmagy, tekst beýanlaryny takyk berjaý etmegi we ses bezeginiň kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Maý aýynda çykan wersiýa bilen deňeşdirilende, Veo 3.1 has tebigy jikme-jiklikler bilen wideo döredip, döredilen sahnalara ses goşup bilýär. Indi ulanyjylar diňe bir tekst beýany boýunça wideo döretmän, eýsem soňky kadrlardan taýýar wideolary dowam etdirip, şeýle-de nusga suratlaryň kömegi bilen gahrymanlaryň nähili bolmalydygyny kesgitläp biler. Kompaniýanyň wekilleri täze algoritmleriň netijesinde sahnalaryň “has janly we kinodaky ýaly” bolandygyny belleýär. Model eýýäm Flow wideoredaktoryna goşuldy we Gemini, Gemini API programmasy we Vertex AI platformasy arkaly elýeterlidir. Mundan başga-da, Flow ulanyjylary emeli aňyň kömegi bilen wideodan obýektleri aýyrmak üçin täze gurala eýe boldy. Maý aýynda redaktor işe girizileni bäri onuň kömegi bilen 275 milliondan gowrak wideo döredildi we bu görkeziji ösmegini dowam etdirýär.