Dünýäde 0,5 kg agramly ak çörek batonynyň ortaça bahasy 1,74 dollara barabar. Çörek üçin iň gymmat baha Jibutide, iň pes baha bolsa Alžirde hasaba alyndy diýip, RIA Nowosti habar berýär. Jibutide çöregiň bahasy 9,42 dollar. Munuň sebäbi ýurduň azyk önümleriniň, şol sanda bugdaýyň importyna garaşly bolmagydyr. Şeýle-de, iň ýokary bahaly ýurtlaryň onlugyna Bermuda (8,53 dollar), Kaýman adalary (6,29 dollar), Monako (5,31 dollar), Bagama (5,21 dollar), Kongo (5,02 dollar), Merkezi Afrika Respublikasy (4,49 dollar), Islandiýa (4,25 dollar), Lihtenşteýn (4,18 dollar) we Günorta Afrika Respublikasy (4,15 dollar) girdi. Alžir çöregiň bahasynyň iň elýeterli bolan ýurdy boldy. Döwlet goldawynyň netijesinde bu ýerde çöregiň bahasy bary-ýogy 0,17 dollara barabar. Onuň yzyndan Tunis (0,19 dollar), Eswatini (0,20 dollar), Owganystan (0,24 dollar) we Liwiýa (0,28 dollar) gelýär. Bahalaryň şeýle tapawudy importyň, döwlet goldawynyň we ýaşaýyş derejesiniň dünýäniň dürli ýurtlarynda esasy azyk önüminiň elýeterliligine ýetirýän täsirini görkezýär.