Mitsubishi kompaniýasy 29-njy oktýabrda Tokioda açyljak Japan Mobility Show sergisinde täze konseptiniň premýerasyna taýýarlanýar. Öndüriji asfaltsyz ýollardan uzakda syýahat etmek we şol bir wagtyň özünde-de ýaşamak üçin döredilen synag awtomobilini, ähtimal, krossowerini görkezer. Häzirlikçe brend ulagyň diňe daşky görnüşiniň bir bölegini we interýerini görkezýän iki tizeri hödürledi. Suratlardan görnüşi ýaly, ulagyň yzky bölegi uzaldylan görnüşde bolup, ol inçe yşyk diodly çyra we tigir arkalarynda plastik goragyna eýe boldy. Şeýle-de, ulagyň yzky böleginde metal gurluş görünýär – ol kemper enjamlaşdyryşynyň elementi bolup biler. Ikinji suratda iki uly adam üçin ýatylýan ýer görkezilen. Ol salony üýtgetmek ýoly bilen düzülýän bolsa gerek. Potolokda we gapdal panellerde futuristik atmosferany döredýän diod çyralar bar. Suratlaryň ikisi-de Japan Mobility Show-yň geçiriljek sergi merkezini görkezýän geografiki koordinatlar bilen üpjün edildi. Mitsubishi konseptiň elektrikleşdirilen güýç enjamyna we ulag eýesiniň şahsy endiklerine we ýaşaýyş stiline görä sazlanjak şahsylaşdyrylan funksiýalara eýe boljakdygyny belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir