16-njy oktýabrda Gresiýanyň parlamenti iş bilen üpjün edijilere iş gününi 13 sagada çenli uzaltmaga mümkinçilik berýän kanun taslamasyny tassyklady diýip, Athens News Agency habar berýär. Öň ýurtda iň ýokary iş wagty bir çalşyk üçin sekiz sagatdy. “Hemmeler üçin adalatly iş” atly kanun taslamasyny Zähmet we sosial üpjünçilik ministrligi öňe sürdi. Gatnaşan 267 deputatdan 158-isi goldady, 109-ysy garşy çykdy. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, uzaldylan iş çalşygy aýda üç günden we ýylda 37 günden köp bolmaly däl. Iş berijiler işgärlere sagatlaýyn töleginiň 40%-ini tölemeli bolar. Kanun işgärleri iş wagtyndan artyk işlemekden ýüz öwren ýagdaýlarynda işden çykarylmakdan goraýar. Ýöne kärdeşler arkalaşygy täze düzgünleriň resmi däl işiň paýy ýokary we ortaça hakyň pes bolan ýurdunda işçileriň gowy şertler barada ylalaşmak mümkinçiligini çäklendirip biljekdigini duýdurýar. Hökümet üýtgeşmeler zähmet bazaryny has çeýe we netijeli eder diýip hasaplaýar. Ilatyň bir bölegi täze kanuny duşmançylykly garşylady: olar zähmet haklarynyň durgunlygyna we ýurtda bahalaryň ýokarlanmagyna nägilelik bildirdi.