Argentinaly paleontologlar dinozawrlaryň ozal näbelli görnüşiniň galyndylarynyň tapylandygyny habar berdi. Bu barada Ylmy we tehniki gözlegler boýunça milli geňeşe (CONICET) salgylanyp, TASS habar berýär. Täze görnüş Huayracursor jaguensis adyny aldy. Ylmy gözlegçi Agustin Martinelliniň aýtmagyna görä, ýyrtyjy Ýeriň ýüzünde 225-230 mln ýyl ozal ýaşapdyr, bu hem ony ylma belli bolanlaryň arasynda iň gadymy görnüşleriň birine öwürýär. Dinozawryň bitewi diýen ýaly skeleti Argentinanyň La-Rioha welaýatynda, takmynan, üç müň metr beýiklikde tapyldy. Huayracursor şol döwrüň beýleki dinozawrlaryndan uzyn boýny we has uly göwrümi bilen tapawutlanypdyr. “Biz onuň uzynlygyny iki metr töweregi, uly wekiliň agramyny bolsa 18 kg diýip hasaplaýarys, bu onuň Argentinada tapylan ýakyn kowumlaryndan iki esse köpdür” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri Malena Huares aýtdy. Alymlar galyndylaryň doly öwrenilmedik geologiki basseýnde tapylandygyny belledi. “Bu has uly açyşlara ýol açýar. Faunanyň abatlygy we köpdürlüligi nukdaýnazaryndan düýbünden täze diýip atlandyryp boljak ýeri tapmak seýrek başardýar” – diýip, Martinelli belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir