Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde belläp geçdi. Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 56 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar. Nökerguly Atagulyýew bu giň gerimli akademiki alyş-çalyşygy amala aşyrmakda möhüm orun tutýan ýörite ýerleri üpjün edendigi üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Ýokary bilim ulgamyndan başga-da mekdep ulgamynda-da ýakyn hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Aşgabatda 1,8 müňden gowrak okuwçynyň bilim alýan Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi üstünlikli işleýär. Türkmenistanda rus dilinde bilim berilýän onlarça orta mekdep hereket edýär Rus dili ýurduň ähli umumybilim mekdepleriniň okuw maksatnamasyna hökmany ders hökmünde girýär. Atagulyýew Astrahan oblastynda gurlan we türkmen dilinde sapak berilýän Magtymguly adyndaky orta mekdebi mysal getirip, Russiýanyň türkmen diline we medeniýetine goldaw bermek boýunça edýän ädimlerine ýokary baha berdi. Wise-premýer Türkmenistan tarapyndan bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny hem nygtady.