YouTube gürleýän adamyň dodagynyň hereketini wideonyň awtomatik terjimesine gabat getirmäge mümkinçilik berjek emeli aň tehnologiýasyny synagdan geçirýär. Ol EA-nyň kömegi bilen sesi awtomatik başga dile geçirýän dublýaž funksiýasynyň üstüni ýetirer. Awtomatik dublýaž boýunça önümiň ýolbaşçysy Budhika Kottahaççiniň aýtmagyna görä, topar “terjime edilen sözleýşe gabat geler ýaly ekranda pikselleri üýtgedýän” gurallary döretmeli boldy. Ulgam dodagyň formasyny, dişleriň ýagdaýyny, ýüz-gözüň hereketini, göwräniň durşuny we beýleki wizual parametleri seljerýär. Häzirki wagtda tehnologiýa Full HD wideolarynda gowy netijeleri görkezýär. 4K üçin hil entek pesräk, ýöne topar tehnologiýany resmi işe girizmezden ozal kämilleşdirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda funksiýa diňe iňlis, fransuz, nemes, ispan we portugal dillerini goldaýar. Geljekde awtomatik dublýažyň ähli dillerini, şol sanda rus, türk, ýapon, koreý, italýan, ukrain we beýleki dilleri hem öz içine alar. Onuň köpçülikleýin elýeterli boljak senesi we ulanylyş bahasy entek belli däl. Funksiýa irki synag tapgyrynda bolup, oňa diňe platformanyň saýlanan ulanyjylary elýeterlidir.