Täze Google Pixel 10 smartfonlarynyň eýeleri programmalaryň işinde duýdansyz bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny habar berýärler. 9to5Google neşiriniň maglumatlaryna görä, ulanylýan programmanyň görnüşine ýa-da iş tertibine garamazdan, käbir programmalaryň öz-özünden ýapylýandygy bellenilýär. APKMirror platformasynyň esaslandyryjysy Artýom Russakowski bu näsazlygyň çeşmesiniň Google Play Services komponentidigini düşündirdi. Reddit ulanyjylarynyň birnäçesi oktýabr ulgam täzelenmesi bar bolan smartfonlarynda bu komponentiň täzelenmesini yzyna öwürenden soň bökdençlikleriň aradan aýrylýandygyny tassyklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu çözgüt amatly däl — yzyna öwürmek ulanyjyny awtomatiki ýagdaýda Google hasabyndan çykaryp, gurlan parol menejeri ýa-da ätiýaç enjamy bolmadyk iki faktorly autentifikasiýa ulanýanlar üçin kynçylyk döredýär. Habar çap edilen wagta çenli Google bu ýagdaý barada resmi düşündiriş bermedi. Russakowskiniň aýtmagyna görä, kompaniýanyň wekilleri meseläniň ýokary derejeli ähmiýetiniň ykrar edilendigini we birnäçe toparyň onuň üstünde eýýäm işleýändigini aýdypdyr. Google Play Services — Android ulgamynyň möhüm bölegi bolup, hasaba girmegi, push-habar alyşmagy hem-de beýleki Google hyzmatlary bilen integrasiýany üpjün edýär. Şonuň üçin bu bölümde ýüze çykan ýalňyşlyklar ulgam programmalaryny hem öz içine almak bilen, köp sanly programmanyň durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir