Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilen «Hytaý dili» diýen okuw kitaby çykaryldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Täze kitap M.Gelenowa tarapyndan taýýarlanyldy we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça neşir edildi. Okuw kitabynyň mazmuny dersiň ýokary okuw mekdeplerde öwrenilişi boýunça okuw maksatnamasyna laýyklykda düzüldi. Talyplaryň sazlaşykly özleşdirmeklerini üpjün etmek üçin kitapda temalar yzygiderli berilýär, bölümleriň arasynda logiki arabaglanyşygy saklamak bilen ýönekeýden çylşyrymly maglumatlaryň düzümleýin berilmegi göz öňünde tutulypdyr. Okuw kitapda hytaý diliniň aýratynlyklaryna düşünilmegini ösdürmäge we berkitmäge mümkinçilik berýän maglumatlar düşnükli dilde beýan edilipdir. Ýazuw we gepleşik diliniň sowatly düzülmegine, dil serişdeleriniň we geplemek başarnyklarynyň üstünde işlemäge, şeýle hem sözlemleriň gurluşyna, grammatika, leksika meselelerine hem-de hytaý dilindäki söz döreýiş ýörelgelerine aýratyn üns berilipdir. Kitapda hödürlenilýän amaly ýumuşlar öwrenilýän temany berkitmäge kömek eder. Kitap hat ýazmak we gürleşmek başarnyklaryny kemala getirmek we ösdürmek, ýokary okuw mekdeplerde hytaý dilini öwrenýän talyplaryň dile erk etmek başarnyklaryny artdyrmak üçin möhüm we ygtybarly serişde bolup hyzmat eder.