«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT 2025) dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň goldawyny aldy. Çäräniň resmi media hyzmatdaşlarynyň hatarynda Euronews, BNE IntelliNews, Newsbase, Interfax, Energy Intelligence hem-de birnäçe öňdebaryjy Ýakyn Gündogar neşirleri bar. «Türkmenistan Ýewraziýanyň ýüreginden dünýä derejesindäki dialoga we maýa goýumlaryna gapylaryny açýar» diýlip, Euronews teleýaýlymynyň ýörite promo-roliginde aýdylýar. 17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir