Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler. Dabarada çykyş eden Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Türkmenistanda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylan we häzirki wagtda-da ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýän bu giň gerimli taslamanyň dünýäde nusgalykdygyny belledi. Arkadag şäheriniň häzire çenli abraýly halkara baýraklaryň, güwänamalardyr şahadatnamalaryň onlarçasyna mynasyp bolmagy-da bu hakykaty aýdyň görkezýär. Dabaranyň barşynda Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow kabul etdi. Bu altyn medal Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy hem-de onuň birinji prezidenti bolan Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň hormatyna döredilip, ol oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär. Arkadag şäherine bu altyn medalyň gowşurylmagy şähergurluşyk ulgamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir.