Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr. 2025-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde takmynan 7000 sany V90 we V90 Cross Country awtoulaglary satyldy — bu görkeziji markanyň umumy satuwynyň bary-ýogy 1%-den gowrak bölegini düzýär. Şol bir wagtda has ykjam V60 uniwersalynyň önümçiligi dowam edýär. V90 modeli ilkinji gezek 2016-njy ýylda tanyşdyrylypdy. Ol S90 sedanynyň binýadynda döredilip, XC90 krossoweriniň ikinji neslinden soňra, SPA modul platformasynda gurlan ikinji ulag boldy. Model 2020-nji ýylda gaýtadan işlenilipdi. Geçen ýyl kompaniýa elektrikli ES90 liftbekine ýer boşatmak maksady bilen S90 sedanynyň önümçiligini hem togtatdy. V90 benzin, dizel we gibrid hereketlendirijiler bilen — 150-den 320 at güýjüne çenli güýçde, öň tekerleri ýa-da ähli tekerleri hereket edýän görnüşlerde çykaryldy. Gibrid wersiýalarynda goşmaça 87 at güýjünde elektrik hereketlendirijisi hem ulanylypdy. Häzirki wagtda Volvo-nyň model hatarynda krossowerler agdyklyk edýär. 2025-nji ýylyň ortalarynda XC60 modeli, 32 ýyldan soň ilkinji gezek meşhur Volvo 240-ny yzda galdyryp, kompaniýanyň iň geçginli ulagyna öwrüldi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir