“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň wingeri Li Kan In AFC Awards Riyadh 2025 tarapyndan ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasy öz resmi saýtynda habar berdi. Geçen möwsümde hüjümçi ähli ýaryşlarda 49 oýna gatnaşyp, 7 gol geçirdi we 6 assist etdi. Li Kan Iniň umumy oýun wagty 2458 minut boldy. Ol “PSŽ” bilen bilelikde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny utdy. Li Kan In Günorta Koreýadan Çempionlar ligasynda ýeňiji bolmagy başaran ikinji futbolçy boldy. Birinjisi “Mançester Ýunaýtediň” ýarymgoragçysy Pak Çži Sun bolupdy (2007/08 möwsümi). Li Kan Iniň Pariž kluby bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, oýunçynyň bazar bahasy 25 mln ýewro barabar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir