16-njy oktýabrda SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň nobatdaky uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Ol orbita Starlink ulgamynyň 28 hemrasyny çykardy. Kompaniýa üçin bu uçuş aýratyn ähmiýetli boldy – raketanyň birinji basgançagy 500-nji gezek Ýere üstünlikli gaýdyp geldi. Raketa Kanaweral burnundan uçuryldy. Sekiz minutdan soň bu missiýany üçünji gezek ýerine ýetirýän birinji basgançak B1095 Atlantikdäki ýüzýän platforma asuda gondy. Şeýlelikde, Falcon 9-yň birinji basgançaklarynyň umumy gonuş sany raketa göterijisiniň 547 uçuşynda 500-e ýetdi. Ikinji basgançak uçuşyny dowam etdirdi we uçuşdan bir sagatdan soň diýen ýaly ähli hemralary orbita üstünlikli çykardy. Falcon 9 ilkinji gezek 2010-njy ýylda uçuryldy we şondan bäri ençeme gezek döwrebaplaşdyryldy. Raketanyň häzirki wersiýasy Block 5 2018-nji ýyldan bäri ulanylýar. 15 ýylyň dowamynda SpaceX üçin Falcon 9-yň diňe iki missiýasy şowsuz boldy, bu hem ony taryhda iň ygtybarly raketalaryň birine öwürýär. Ilon Maskyň kompaniýasy birinji basgançagy 2015-nji ýylda yzyna gaýtaryp, gaýtadan ulanyp başlady. Şonuň netijesinde uçuşlaryň bahasy ep-esli azaldy. Häzir Falcon 9-yň käbir bloklary 30 gezege çenli uçýar, SpaceX-iň inženerleri bolsa bu görkezijini 40-a ýetirmegi göz öňünde tutýar. 2025-nji ýylda kompaniýa Falcon 9 raketasynyň 130 uçuşyny amala aşyrdy we ýylyň ahyryna çenli ony 170-e ýetirmegi meýilleşdirýär. Häzirki günde dünýäde raketalaryň ähli orbital uçuşlarynyň ýarysyndan gowragy SpaceX-iň paýyna düşýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir