ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple-iň egindeş esaslandyryjysy we öňki baş direktory Stiw Jobsa bagyşlanan bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny hödürledi. Teňňede Kaliforniýanyň baýyrlarynda özi üçin adaty bolan obrazda – wodolazkada, jinsde we krossowkada aýbogdaşyny gurup oturan ýaş Jobs şekillendirilýär. Teňňäniň arka ýüzünde “Täsin bir zat döret” ýazgysy – 2007-nji ýylda Jobsuň miras gaznasy tarapyndan onuň dünýägaraýşyny we mirasyny beýan etmek üçin ulanylan sitata bar. Teňňe indiki ýyl 13,25 dollar bahadan satuwa çykar. Ony ABŞ-nyň Zikgehanasynyň resmi saýtynda sargyt edip bolýar. Teňňäniň çykarylmagy 2018-nji ýylda işe girizilen amerikan innowasiýalaryna bagyşlanan federal programma bilen baglanyşyklydyr. Bu taslamanyň çäklerinde her ştat teňňede ebedileşdirmek üçin öz nyşanyny hödürleýär. Mysal üçin, Wiskonsin ştaty 1970-nji ýyllaryň ortalarynda döredilen Cray-1 superkompýuteriniň şekili bolan teňňäni hödürledi. Stiw Jobsly teňňäni çykarmak pikiri Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusoma degişli. Ol Jobsuň innowasiýalaryň ruhuny we Kaliforniýa üçin mahsus bolan täze bir zada ymtylyşy görkezýändigini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir