Toyota konserni öz brend ulgamynda Century brendiniň ornuny takyk kesgitlemek isleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Akio Toýoda Century-nyň geljekde Toyota-nyň flagmany bolup, Lexus-dan ýokarda durjakdygyny aýtdy. Century hatarynyň haçan giňeldilip başlanjakdygy entek belli däl. Toýodanyň aýtmagyna görä, geljekde bu marka bilen konserniň eksklýuziw we kaşaň awtomobillerini çykarmak meýilleşdirilýär. Hatara aýratyn sargyt esasynda döredilen ulaglar – mysal üçin, ozal köpçülige hödürlenen Century krossoweriniň esasynda üýtgeşik kabriolet hem girip biler. Şol bir wagtyň özünde, Lexus hem premium brend adyny saklar, ýöne has köpçülik üçin diýlip hasaplanar. Toyota-nyň brending müdiri Saýmon Hamfris Lexus-yň tejribeler we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin has erkin boljakdygyny belledi. Century bolsa däp-dessurlara we nusgawy stile baha berýän koserwatiw auditoriýa gönükdirilen bolar. Toyota öz brendleriniň geljekki orunlary barada Japan Mobility Show sergisinde has giňişleýin maglumat berip biler. Bu ýerde kompaniýa birnäçe täze konseptini, şol sanda iki gapyly Century kross-kupesini we alty tigirli kaşaň Lexus miniwenini görkezer.