ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2023-nji ýylyň iýunynda “Titanik” gämisiniň galyndylarynyň ýanyna çümen wagty ýarylan “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäpleri barada hasabatyny hödürledi. Edaranyň maglumatlaryna görä, heläkçilik suwasty gäminiň taslamasyndaky ýalňyşlyklar we enjamyň öňki çümüşlerde alan we OceanGate kompaniýasy tarapyndan bilinmedik zeperleri sebäpli bolup geçdi. Suwasty gäminiň korpusynda “köp sanly kemçilikler bolup, ol berklik we uzak hyzmat etmek talaplaryna laýyk gelmeýärdi”. Mundan başga-da, kompaniýada inžener-tehnologiki prosesler hem kesgitlenen ülňülere laýyk gelmeýärdi. Hasabatda “Titanyň” 80-nji gezek suwa çümen wagty zaýalanandygy we şol wagt, ähtimal, korpusyň gatlaklara bölünip başlandygy görkezilýär. Şondan soň batiskafyň ýagdaýy has ýaramazlaşdy, netijede 88-nji gezek suwa çümende partlama bolup geçdi. OceanGate tarapyndan geçirilen gözegçilik ýeterlik bolmandy, şonuň üçin kompaniýa ýeten zeperler barada bihabar bolup, enjamy ulanylyşdan aýyrmady. Milli geňeş ABŞ-nyň Kenarýaka goragçysyna suwasty enjamlaryň howpsuzlygyny öwrenmek we täze düzgünleri işläp taýýarlamak üçin hünärmenler toparyny döretmegi maslahat berdi. Öň, awgustda Kenarýaka goragçysy hem öz hasabatyny hödürläp, onda pajygaly wakanyň howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmändigi sebäpli ýüze çykandygy baradaky netijä geldi. OceanGate Expeditions kompaniýasynyň “Titan” suwasty gämisi 2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda “Titanigiň” ýanyna düşende ýitdi. Suwa çümenden, takmynan, 1 sagat 45 minutdan soň onuň bilen aragatnaşyk kesildi. Bortda OceanGate kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stokton Raş, işewür Hemiş Harding, Pakistanyň Dawood Hercules Corporation kompaniýasynyň wise-prezidenti Şahzad Dawud we ogly Suleýman, şeýle-de ylmy gözlegçi Pol-Anri Naržole bardy. Hemmesi heläk boldy. Wakadan soň OceanGate öz işini bes etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir