2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna eýýäm milliondan gowrak petek satyldy. Bu barada FIFA salgylanyp, NBC News habar berýär. Uly gyzyklanma bildiren janköýerler, esasan, ABŞ-dan, Kanadadan we Meksikadan boldy – hut bu üç ýurt 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ýaryşy kabul eder. Umuman alanyňda, petekleri 212 döwletden we sebitden futbol janköýerleri satyn aldy. Satuw boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň onlugyna Angliýa, Germaniýa, Braziliýa, Ispaniýa, Kolumbiýa, Argentina we Fransiýa hem girdi. Şeýle-de, FIFA petekleri gaýtadan satmak üçin resmi saýty işe girizdi. Ist-Rezerfordda (Nýu-Jersi ştaty) geçiriljek final üçin orunlary 9538 dollardan 57 500 dollar aralygynda satyn alyp bolýar. Demirgazyk Amerikanyň 16 stadionynda geçiriljek jemi 104 oýna 7,1 mln töweregi tomaşaçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Iň arzan – 60 dollardan petekler azyndan 40 oýun üçin hödürlendi, ýöne oýunlaryň köpüsi üçin bahalar has ýokarydy. Mysal üçin, Inglwudda (Kalifroniýa) ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň ilkinji oýny üçin petekler 560 dollardan 2735 dollara ýetýär, gaýtadan satyş saýtynda bolsa bir orun 61 642 dollardan hödürlenýär. FIFA petekleriň bahasynyň islege görä üýtgäp durjakdygyny belledi. Mundan başga-da, ýaryş başlamazdan öň petekler “janly nobat tertibinde” ýene satuwa çykarylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir