Redmi kompaniýasy 27-nji oktýabrda Hytaýda Redmi K90 hataryny, şol sanda täze K90 Pro Max flagmanyny hödürlejekdigini tassyklady. Şol çärede adaty wersiýa K90-nyň hem görkezilmegine garaşylýar. Resmi suratlarda ultra-inçe çarçuwaly we yzky panelde uly gönüburç şekilli kamera moduly bolan K90 Pro Max-yň ak wersiýasy görkezildi. Kameradan sagda Sound by Bose ýazgyly dinamik ýerleşýär. Kompaniýa bu modelde sese aýratyn üns beren bolmaly. Şeýle-de, üýtgeşik jins wersiýasy görkezildi. Onda yzky panel üçünji nesil nano-derisi bilen örtüldi. Korpus ultrabenewşä çydamly bolup, wagtyň geçmegi bilen saralmaýar we hapadan aňsatlyk bilen arassalanýar. K90 Pro Max-yň bir kristally Snapdragon 8 Elite Gen 5 ulgamyna esaslanmagyna, adaty wersiýanyň bolsa Snapdragon 8 Elite prosessoryna eýe bolmagyna garaşylýar. Smartfonlaryň ikisi-de HyperOS 3 bilen Android 16-nyň dolandyrmagynda işlär. 2K durulykly OLED displeýiniň diagonaly 6,59 dýuým bolar. 7500 mA/sag sygymly akkumulýator 100 Wt çalt simli we 50 Wt simsiz zarýad alşy goldar. Pro Max periskopik teleobýektiwe eýe bolar. K90 Pro Max flagmany Redmi-niň taryhynda ilkinji Pro Max modeli bolar. Xiaomi-niň prezidenti Lu Weýbingiň aýtmagyna görä, smartfon öz baha segmentinde iň kuwwatlysy bolar. Halkara bazarlaryna smartfonlaryň Poco brendi bilen çykmagy mümkin: K90 Poco F8 Pro, K90 Pro Max bolsa Poco F8 Ultra bolar. Gürrüňlere görä, täze smartfonlaryň bahasy, takmynan, 560 dollardan başlaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir