Porsche kompaniýasy SMEG italýan brendi bilen bilelikde döredilen hojalyk enjamlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi. Oňa hem çäkli çykaryljak eksklýuziw modeller, hem köpçülige elýeterli boljak enjamlar girdi. Kolleksiýanyň esasy predmetleri 1970-nji ýylda “Le-Manyň 24 sagadynda” ýeňiş gazanan Porsche 917 ýaryş awtomobiliniň stilinde bezelen sowadyjy we kofemaşyn boldy. Olaryň korpusy ak tegelek we 23 belgisi bilen Salzburg Red gyzyl reňkine boýaldy we gara öwüşginler bilen üsti ýetirildi. Ýeňiş ýylynyň şanyna her modelden jemi 1970 nusga çykarylar. Şeýle-de, hatara çäksiz öndüriljek sowadyjy, çäýnek, blender we toster girdi. Bu enjamlar Porsche-niň awtomobil palitrasyndan Carrara White Metallic we Shade Green Metallic reňklerine boýaldy, käbir elementler gara reňke eýe boldy. Öndüriji anyk ylham çeşmesini görkezmese-de, käbir dizaýn elementleri 911 GT3 RS sport modelini ýada salýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir