Google kompaniýasy ulanyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we şahsy maglumatlary goramak üçin täze gurallary hödürledi. Olaryň arasynda ynamdar kontaktlaryň kömegi bilen akkaunty dikeltmek funksiýasy bar. Indi ulanyjylar “Dikeltmek üçin kontaktlar” funksiýasynyň kömegi bilen enjam ýa-da parol ýiten ýagdaýynda şahsyýetini tassyklap, akkauntyny dikeltmäge kömek edip biljek dostlaryny ýa-da garyndaşlaryny goşup biler. Eger akkaunt bloklansa, saýlanan kontakt akkaunty dikeltmegi tassyklamak ýüzlenmesi bilen habarnama alar. Oňa 15 minutyň dowamynda jogap bermeli. Sazlamalara on adamy goşup bolýar we olaryň her biri goşulmaga razydygyny tassyklamalydyr. Şahsyýeti dikeltmek üçin giriş koduny ýa-da grafiki açary ulanmak bolýar. Funksiýa dünýädäki ähli ulanyjylar üçin ýuwaş-ýuwaşdan elýeterli bolar. Şeýle-de, Google akkaunty telefon belgisi arkaly dikeltmek usulyny girizdi. Ulgam bu belgä baglanyşdyrylan ähli akkauntlary awtomatik tapyp, oňa elýeterliligi dikeltmäge kömek eder. Mundan başga-da, Pixel smartfonlarynyň eýeleri üçin kompaniýa galp habarlara garşy goragy goşdy. Indi Google Messages programmasynda spam-salgylanmalary anyklamak funksiýasy ähli ulanyjylara elýeterli bolar: şübheli salgylanma geçjek bolanyňda, programma duýduryş berer we bu sahypa girmegi gadagan eder. Şeýle-de, Google Messages-e howpsuzlyk açarlaryny barlamak mümkinçiligi goşuldy. Ol söhbetdeşiň şahsyýetini kesgitlemäge kömek edýär we ýazylan gürrüňdeşligiň şifrlenmegini hem gizlinligini kepillendirýär. Android 10 we has giçki wersiýalary ulanyjylar söhbetdeşiň şahsyýetini tassyklamak üçin kontaktyň QR koduny skanirläp biler.