Interbrand konsalting kompaniýasy dünýä brendleriniň bahasynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Iň gymmat awtomobil brendi ýene-de Toyota boldy, ol umumy reýtingde altynjy orny eýeledi. Ýapon awtoulag ägirdi diňe iri IT kompaniýalaryndan yza galdy. 2020-nji ýyldan bäri Toyota brendiniň bahasy durnukly ösýär: 51,6 mlrd dollardan 2025-nji ýylda 74,2 mlrd dollara çenli. Ösüş ýyllyk hasabynda 2% boldy. Awtoöndürijileriň arasynda ikinji orunda Mercedes-Benz ýerleşdi, onuň bahasy bir ýylda 15%, 50,1 mlrd dollara çenli peseldi (umumy sanawda 10-njy orun). Üçlügi 46,8 mlrd dollar (-10%) we 14-nji orun bilen BMW jemleýär. Beýleki awtomobil brendlerinden ilkinji ýigrimi bäşiň hataryna diňe Tesla girdi, ol 25-nji orny saklap galdy, ýöne brendiň bahasy 35% pese gaçyp, 29,5 mlrd dollar boldy. Analitikler brend üçin oňyn däl dinamikanyň 2023-nji ýyldan bäri hasaba alynýandygyny belleýär. Ýüz brendiň arasynda Honda, Hyundai, Audi, Ferrari, Volkswagen, Porsche, Nissan, Kia we Range Rover hem bar. Reýtingde ilkinji gezek Hytaýyň wekilleri-de peýda boldy: Xiaomi (81-nji orun, 9,5 mlrd dollar), BYD (90-njy orun, 8,1 mlrd dollar) we Huawei (96-njy orun, 7,6 mlrd dollar). Global reýtingde ilkinji bäş orny Apple, Microsoft, Amazon, Google we Samsung eýeledi – olaryň bahasy 470,9 mlrd dollardan 90,5 mlrd dollara barabar.