Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Sergeý Wladimirowiç Şklýaýew duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda habar berdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, hünärmenleriň alyşylmagy, kadr taýýarlygyny ösdürmek, şeýle hem Bütindünýä gümrük guramasy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara görnüşlerinde hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şol çäräniň çäklerinde Russiýanyň Federal gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy arasynda Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasynda harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirişinde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrmak hakynda (“Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi”) Ylalaşyga gol çekildi. Bu Ylalaşyk özara söwdanyň ösdürilmegine, gümrük amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna we gümrük dolandyryşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir